Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
2. Dokma önümçiligi.
3. Süýümleri egirmegiň tehnologiýasy.
4. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
5. Marketing.
6. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
7. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
9. Dokma senagatynyň elektroabzallary we elektrohereketlendirijileri.
10. Dokma materiallaryň himiki tehnologiýasy we abzallary.
11. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
12. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek.
13. Dizaýn.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2 ýyl.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýändalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4, tel.: 36-49-20, 36-04-16, 36-18-74, 36-21-67.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., 2052-nji (Hydyr Derýaýew) köçe, 4. Tel.: 36-49-20, 36-04-16.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-nji iýul-21-nji awgust aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi