Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ TÜRKMENABAT AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Agronomçylyk.

3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalyk pudagynda).

5. Gidromeliorasiýa.

6. Weterinariýa.

7. Ýer ulanylyşy.

8. Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda).

9. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.

10. Dokma önümçiligi.

11. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.

12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.

13. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; agronomçylyk; weterinariýa — biologiýa, himiýa,Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: dokma önümçiligi; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy; dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýändalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesi, 1a, tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-nji iýul-21-nji awgust aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.