Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

“TÜRKMENNEBIT” DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.

2. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.

3. Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak.

4. Önümçilikde we tilsimat işlerinde tehniki howpsuzlyk.

5. Nebit we gaz känleriniň geologiýasy we agtarylmasy.

6. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

8. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.

9. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek.

10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

11. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

12. Buhgalterçilik hasaby alnyşy we audit.

13. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

14. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

15. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.

16. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi.

17. Hili tehniki düzgünleşdirmek we dolandyrmak.

18. Logistikada operasion işi.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek; nebiti we gazy gaýtadan işlemek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş., Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-16, 7-01-24, 7-01-18, 7-01-14.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-nji iýul-21-nji awgust aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.