Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT GURLUŞYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

2. Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy.

3. Amaly geodeziýa.

4. Suw upjünçiligi we lagym suwlary akdyryş.

5. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

6. Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy we ulanylyşy.

7. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

8. Binagärlik.

9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

10. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.

11. Maglumaty işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.

12. Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy.

13. Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: binagärlik — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, tel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.

Aşgabat şäheri (80012)

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi; Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10, Тel.: 28-07-74, 28-20-03, 28-08-82.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-njiýul-21-nji awgust aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.