Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Býujet esasynda:

  1.Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi.

  2.Medeniýet öýünde režissýorlyk.

  3.Aktýorlyk sungaty.

  4.Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

  5.Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak.

  6.Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak.

  7.Teatr-bezeg sungaty (grim).

II.Tölegli esasda:

  1.Çagalar okaýşyny guramak.

  2.Kitaphanaçylyk işi.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýu ly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— hünärler: çagalar okaýşyny guramak; kitaphanaçylyk işi; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak; ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;

— hünärler: medeniýet öýünde režissýorlyk; aktýorlyk sungaty; höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak; teatr-bezeg sungaty (grim) — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, tel.: 27-21-22, 27-20-50.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Maksat 14 Jul, 2021
MARY şäheri 10-njy mekdebe tabşyrmaly
Nabat 13 Jul, 2021
Dokumentleri Mary welayat haysy mekdebe tabsyrmaly