Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

LEBAP WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

  1. Halk saz gurallary.
  2. Kirişli saz gurallary.
  3. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
  4. Aýdym aýtmak sungaty (wokal).
  5. Bagşyçylyk sungaty.
  6. Hor dirižýorlygy.
  7. Saz mugallymçylygy.
  8. Fortepiano.
  9. Horeografiýa sungaty.

II. Tölegli esasda:

  1. Türkmen milli saz gurallary.
  2. Sazyň taryhy we nazaryýeti.
  3. Nakgaşçylyk.
  4. Heýkeltaraşlyk.

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty (halk tansy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän oglan-gyzlar kabul edilýär.

Ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • sazçylyk ýa-da ýörite çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
  • 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günlerinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • hünär: horeografiýa sungaty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
  • beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., O.Garaýew köçesi, 117, Tel.: 6-06-75, 6-16-49.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.