Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda
II. Tölegli esasda
Mugallymçylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Daşoguz şäheri) 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-28-i, 30-31-i we awgust aýynyň 2-3-i günleri geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Alp Arslan köçesi, 20, Tel.: 9-27-16.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Daşoguz welaýaty
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.