Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ENERGETIKA INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

  1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).
  2. Maşyngurluşyk (hünärler: metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlar; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlanylyşy).
  3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar).
  4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

II. Bakalawr maksatnamasy:

  1. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
  2. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).
  3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary).
  4. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).
  5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumatölçeýiş tehnikasy we tehnologiýalary, programma inženerligi).
  6. Maşyngurluşyk (hünäri: tehnologik maşynlar we gurluşlar).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (energetika pudagynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (energetika pudagynda).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Mary şäheri), welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si,3-i we 4-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.
  • Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki taýýarlygyň ugurlary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62, tel.: 57517, 57502.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

25 mekdepGörogly köçesi  1/3 jaýy, telefon: 2-67-68

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

38 mekdep, S.Nyýazow şaýoly, 130-njy jaý,  telefon: 6-03-45 

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty,Oguzhan köçesi, 62, telefon: 60412, 57502

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

1 mekdepKeýmir kör köçesi1, telefon: 3-62-14

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Baba Annanow köçesi, 136, telefon: 28-18-86, 28-18-04.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Balkan welaýaty

Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebi (6-8-nji awgust)

Daşoguz welaýaty

Daşoguz şäheriniň 25-nji orta mekdebi (10-12-nji awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebi (14-16-njy awgust) 

Mary welaýaty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (18-21-nji awgust)

Ahal welaýaty 

Gämi obasyndaky 28-nji orta mekdebi (27-30-njy iýul)

Aşgabat şäheri

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (1-4-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Ogulkeyik Maglumat tapsak hökman goýlar.
Ogulkeyik 15 Jul, 2021
Asgabat saheri boyunca nace adam alya we nace adam dakument tabsyrypdyr bilip berayin
Medine 15 Jul, 2021
Maglumatyňyz üçin köp sagboluň
M....! 07 Jul, 2020
Sagboluň hemmäňize ullakan kömek etdiňiz gözläp kösenip ýördim birden kitaphana ýadyma düşdi seredip görsem bar ekeni gazetden öň çykardyňyz ýene bir gezek köp köp sagboluň
Kerimberdi Akmyradow 29 Dec, 2019
www.tdei.edu.tm