Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).
  2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti);
  2. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: animasiýa we grafika dizaýny).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

  • hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi; animasiýa we grafika dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (A.Nowaýy) köçe, 90, Tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, E.Ataýewa köçesi, 126, telefon: 6-77-25, 6-77-26

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi, Magtymguly şaýoly, 28a, telefon: 7-58-14

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi, O.Garaýew köçesi, 117, telefon: 6-18-37

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Mary şäheriniň çagalar  çeperçilik mekdebi, Ýaşlyk köçesi, 1, telefon: 6-96-14, 6-96-17

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

16 mekdepAzatlyk köçesi15, telefon: 3-44-08

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy,  2022–nji (A.Nowaýy) köçe, 90, telefon: 92–56–41, 92–31–19, 92–25–08.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Balkan welaýaty

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi (15-17-nji awgust)

Daşoguz welaýaty

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi (19-21-nji awgust)

Lebap welaýaty

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi (1-3-nji awgust)

Mary welaýaty

Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi (27-30-njy iýul)

Ahal welaýaty 

Änew şäheriniň 16-njy orta mekdebi (5-8-nji awgust)

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy (10-13-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.