Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
Institutda okuwlar tölegli esasda al-nyp barylýar.
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň ra-ýatlary giriş synaglarynyň netij eleri bo-ýunça bäsl eşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat mer-kezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aş-gabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň ady-na ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalna-ma (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy gora-ýyş we derman senagaty ministrligi ta-rapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerin-den, harby bö l ümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fo-tosurat;
— işleýänler üçin zähmet depder-çesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýe-ňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmä-ge isleg bildirýänler ýokarda görkezi-len resminamalar bilen birlikde, res-minamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusga-laryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da
ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşa-ýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) oku-wa kabul edilmek üçin artykmaç hukuk-dan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýl eki resminamalary görkezip bi l er.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 12-si günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 16-sy we 17-si günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýy-nyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.
Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türk-menistanyň taryhy, geografiýa dersle-rinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleri-niň okuw maksatnamalarynyň esasyn-da geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synag-lary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz se-bäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synag-dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli ge-çen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artyk-maç hukukdan «Bilim hakynda» Türk-menistanyň Kanunynyň rejelenen gör-nüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.