Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; dramaturgiýa — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: durmuş-medeni işler (höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak; horeografiýa sungaty (milli tans toparyny guramak we dolandyrmak) — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: yşyklandyrma tehnologiýasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; rejelemek işi; arheologiýa; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, E.Ataýewa köçesi, 126, telefon: 6-77-25, 6-77-26
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi, Magtymguly şaýoly, 28a, telefon: 7-58-14
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi, O.Garaýew köçesi, 117, telefon: 6-18-37
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgi, Mollanepes köçesi, 51, telefon: 7-10-55
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde (salgysy:
Änew şäheriniň Baky Bitaraplyk köçesiniň 10-njy jaýy) kabul edilýär,
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmen döwlet medeniýet instituty, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, telefon: 48-28-60.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi (9-11-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi (5-7-nji awgust)
Lebap welaýaty
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi (27-29-njy iýul)
Mary welaýaty
Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgi (31-nji iýul – 3-nji awgust)
Ahal welaýaty
Ahal welaýaty, Gämi obasyndaky medeniýet öýi (18-21-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Türkmen döwlet medeniýet instituty (13-16-njy awgust)