TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I.Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
- Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
- Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
- Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
- Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- sport, bedenterbiýe hünärleri boýunça okuwa girýän dalaşgärler üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;
- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
- Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
- Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
- Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
- Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;
- Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;
- Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
- hünärler: sport; bedenterbiýe — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
- hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
- hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
- hünärler: sagaldyş işi; psihologiýa (sport psihologiýasy) — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
- orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
- 2018 — 2022-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
- 2018 — 2022-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
- «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40; tel.: 39-98-70, 39-98-71.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
- Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi;
- Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi;
- Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi;
Ahal welaýaty
- Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
- Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
- Kaka etrap hassahanasy;
- Tejen şäher hassahanasy;
- Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;
Balkan welaýaty
- Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
- Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
- Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
- Hazar şäher hassahanasy;
- Gumdag şäher hassahanasy;
- Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
- Serdar etrap hassahanasy;
- Bereket etrap hassahanasy;
- Magtymguly etrap hassahanasy;
- Etrek etrap hassahanasy;
- Esenguly etrap hassahanasy;
Daşoguz welaýaty
- Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
- Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
- Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
- Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
- Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
Lebap welaýaty
- Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
- Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
- Kerki etrap hassahanasy;
- Dänew etrap hassahanasy;
Mary welaýaty
- Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
- Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
- Ýolöten etrap hassahanasy;
- Sakarçäge etrap hassahanasy;
- Tagtabazar etrap hassahanasy;
- Mary etrap hassahanasy;
- Wekilbazar etrap hassahanasy;
- Murgap etrap hassahanasy;
- Türkmengala etrap hassahanasy;
- Garagum etrap hassahanasy;
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№15 mekdep, Gurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№7 mekdep, Oguzhan köçesi, 46-njy jaý, telefon: 7-40-78
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№15 mekdep, S.Nyýazow şaýoly, 129-njy jaý, telefon: 6-07-80
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№6 mekdep, Atabaýew köçesi, 53, telefon: 7-69-59, 7-67-14
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№1 mekdep, Keýmir kör köçesi, 1, telefon: 3-62-14
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, telefon: 39-98-70, 39-98-71.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT
ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 23-nji orta mekdebi (27-29-njy iýul)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 28-nji orta mekdebi (31-nji iýul – 2-nji
awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebi (19-22-nji awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 23-nji orta mekdebi (14-17-nji awgust)
Ahal welaýaty
Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport
mekdep-internaty (9-12-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty (4-7-nji awgust)