Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

  1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; programma inženerligi; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).
  2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: maglumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy).
  3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; infokommunikasiýa tehnologiýalary; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary).
  4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
  5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).
  6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika).

II. Bakalawr maksatnamasy:

  1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)).

Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary görkezilen ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny (asyl nusgasy).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Taýýarlygyň awtomatlaşdyrma we amaly informatika (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) ugry boýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler iňlis dili boýunça söhbetdeşlik geçýärler.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguz han köçesi, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

№25 mekdepGörogly köçesi, jaý 1/3, telefon: 2-67-68

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

38 mekdep, S.Nyýazow şaýoly, 130-njy jaý,  telefon: 6-03-45   

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№19 mekdep,Galkynyş köçesi 67, telefon: 6-51-82, 6-51-83

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

1 mekdepKeýmir kör köçesi1, telefon: 3-62-14

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Oguz han köçesi, 13, telefon: 49–35–86, 49–44–21.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Balkan welaýaty

Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebi (6-8-nji awgust)

Daşoguz welaýaty

Daşoguz şäheriniň 27-nji orta mekdebi (10-12-nji awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebi (14-16-njy awgust)   

Mary welaýaty

Mary şäheriniň 23-nji  orta mekdebi (18-21-nji awgust)

Ahal welaýaty 

Änew şäheriniň 27-nji orta mekdebi (27-30-njy iýul)

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty (1-4-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Айна 16 Jul, 2021
Mary 14-nji mekdep dal 19-njy mekdep
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Mekan Baymyradow 15 Jul, 2021
Saol admin hunarmen maksatnamysy ugurlary icinde bakalawr gulluk icinde dal dogry dami
Admin 14 Jul, 2021
@Kakabaý @Mekan Baymyradow gulluk borjy içinde
meylis 14 Jul, 2021
bakalawr maksatnamasy name hunarmen maksatnamasy name tapawudy name ikisinin
Admin 14 Jul, 2021
@Gurban , @Ymarat maglumat tapsak hökman goýlar.
Ymarat 14 Jul, 2021
Nâçe adam kabul etyar
Admin 14 Jul, 2021
@Myrat düzedildi, ýalňyşlyk gidipdir
Gurban 14 Jul, 2021
Nace adam tabsyrandygyny yazayyn
Maksat 14 Jul, 2021
Egzamin haysy mekdebde gecirilyar admin yazayda kyn gormesen
Ayna 14 Jul, 2021
Pedagogika okalyamy
Myrat 14 Jul, 2021
Daşoguz welayaty 7nji orta mekdep dal, 25nji orta mekdep
Mekan Baymyradow 14 Jul, 2021
Admin haysy fakultetlerinde gulluk borjy icinde yokarda gorkezilen diyipsiniz tapmadym kyn gormeseniz jgp yazayyn
Kakabaý 13 Jul, 2021
Haysy fakultetlerde gulluk borjy icinde jogp yazayyn
Admin 13 Jul, 2021
@kakajan ýokaryny okasaň ýazylgy
kakajan 13 Jul, 2021
Salam.Dokmenleri haysy mekdebe tabsyrmaly lebap welayaty.
Olya 12 Jul, 2021
Mugallym bolup bolyamyka
Olya 12 Jul, 2021
Pedagogika okadylyamy
Begli 01 Jul, 2021
Institutyn haysy fakultetinde gulluk borjy icinde bar
Tirkishdurdy 08 Jul, 2020
Resmi iş kagyzlaryň sanawyndaky: - bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arzanyň; - bellenilen nusgadaky sowalnamanyň (anketanyň); elektron görnüşini sahypaňyza goýmagyňyzy haýyş edýäris.