Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy:

  1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);
  2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa);
  3. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy);
  4. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; göteriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary);
  5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);
  6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

II. Bakalawr maksatnamasy:

  1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartografiýa we geoinformatika);
  2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy);
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy);
  4. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar; senagat elektronikasy);
  5. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy);
  6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logistika (senagat pudagynda)).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektro we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary ugurlaryna degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş tehnikasy; ýeri öwreniş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№15 mekdepGurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

28 mekdepNowruz şäherçesi, 18/1-nji jaý, telefon: 2-66-92

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

20 mekdep,3-nji kiçi etrapça, telefon: 2-40-51

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

mekdepAta-Köpek Mergen köçesi, 29,telefon: 7-35-80, 7-09-35

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

27 mekdepAzatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Baba Annanow köçesi, 136, telefon: 28-18-86, 28-18-04.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Balkan welaýaty

Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebi (15-17-nji awgust)

Daşoguz welaýaty

Daşoguz şäheriniň 26-njy  orta mekdebi (19-21-nji awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebi (1-3-nji awgust)

Mary welaýaty

Mary şäheriniň 24-nji orta mekdebi (27-30-njy iýul)

Ahal welaýaty 

Änew şäheriniň 1-nji orta mekdebi (5-8-nji awgust)

Aşgabat şäheri

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (10-13-nji awgust)


TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNA RESMINAMA TABŞYRANLARYŇ SANAWY

(11.07.2022-19.07.2022)

 

Hünärmenleri tayýarlamagyň ugry we 

hünärleri

2022-nji ýyl üçin 

meýilnama

Şol sanda:

AH

BN

DZ

LB

MR

AG

 

Hemmesi

980

165

80

70

160

130

375

tabşyrany

913

164

82

63

135

130

339

I. Tölegli esasda HÜNARMEN taýýarlamak:

 

Hemmesi

565

95

50

40

105

75

200

tabşyrany

541

 108

49

34

85

79

186

1

Binagärlik

54

7

6

8

10

11

12

 

tabşyrany

160
32

1017

28

32

41

2

Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary

287

39

20

24

43

28

133

 

tabşyrany

271

47

21

13

43

33

114

3

Elektro we ýylylyk energetikasy

74

11

12

3

17

7

24

 

tabşyrany

348

6

3

2

4

11

4

Maşyngurluşyk

75

8

7

5

15

18

22

 

tabşyrany

33

6

9

1

5

4

8

5

Himiýa

tehnologiýalary

63

25

5

0

17

9

7

 

tabşyrany

42

14

3

0

7

6

12

6

Materiallaryň

tehnologiýalary

12

5

0

0

3

2

2

 

tabşyrany

1

1

0

0

0

0

0

II. Tölegli esasda BAKALAWR taýýarlamak:

 

Hemmesi

415

70

30

30

55

55

175

tabşyrany

372

56

33

29

50

51

153

1

Informatika we hasaplaýyş tehnikasy

147

19

11

15

26

24

52

 

tabşyrany

147

22

17

12

21

28

47

2

Himiýa

tehnologiýalary

24

6

5

0

6

3

4

 

tabşyrany

2

1

   0

0

1

0

0

3

Ýeri öwreniş ylymlary

21

4

2

2

3

4

6

 

tabşyrany

5

2

0

0

  0

1

2

4

Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary

25

4

2

2

2

4

11

 

tabşyrany

9

1

0

2

0

0

6

5

Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary

49

12

4

4

6

9

14

 

tabşyrany

5

1

0

1

1

2

0

6

Ykdysadyýet we dolandyryş

149

25

6

7

12

11

88

 

tabşyrany

204
29

161427

2098











































Beýleki günleriň resminama tabşyranlaryň sanawy:

11.07.2022

12.07.2022

13.07.2022

14.07.2022

15.07.2022

16.07.2022

17.07.2022

18.07.2022

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Gurban 17 Jul, 2021
Admin "bakalawr" barada dusunje bersene
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Begmyrat 15 Jul, 2021
Gullugy icindemika su ýylkylanky gullugy icinde dal diyyaler wn
Admin 14 Jul, 2021
@Mukam Gurbannazarow, @Wepaew harby kafedra bar, gullugy içinde
Mukam Gurbannazarow 14 Jul, 2021
Gullugy icindemi sy yylkylankymy
* 14 Jul, 2021
Sag boluñ
Admin 14 Jul, 2021
@* Aslynda sagat 18:30-da täzelendi welin, bärde täzelenmändir, şu wagt täzelendir.
* 14 Jul, 2021
Hawwa düşündim ýöne her gün agşam resminama tabşyran dalaşgär sany täzelenýär diýipsiñiz şony täzeläñizokmy?
Admin 14 Jul, 2021
@* 12 iýuldan başlap näçe adam dokument tabşyran bolsa şony ýazýas, her günüňkini aýry däl
* 14 Jul, 2021
Bu günki dalaşgärleriñ sanawyny ýazmaýarsyñyzmy
Aygul 14 Jul, 2021
Sag boluñ kop kop Admin
Admin 14 Jul, 2021
@Aygul Gylyjowa Himiýa tehnalogiýalary fakulteti Mary welýat (baklawr) 3 adam alýar.
Aygul Gylyjowa 14 Jul, 2021
Mary welýatyndan ( baklawr) himiýa tehnalogiýalary fakultetine näçe talyp alýarka bilip beraýiñdä
Wepaew 13 Jul, 2021
Su inustitutyn harby kafeteriyasy barmy
Admin 12 Jul, 2021
@Selbi Nurlyýewa dokument tabşyrylanda eliňe list berilýä, şonda gelmeli wagty, soňam haýsy mekdepde egzamen tabşyrylýandygy ýazylýar. Haýsy mekdepde dokument tabşyrylýalygy ýokarda ýazylan. Resminamalar nirä tabşyrylmalydygy ýokarda görkezilen.
Selbi Nurlyýewa 12 Jul, 2021
Resminamalary nirä tabşyrmaly we egzamin nirede gecirilyar bilayiň
Yhlas 10 Jul, 2021
Sagbolun kop kop gaty gerekli maglumatlar