Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-lary (hünärler: fizika we informatika; başlan-gyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýa-sy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-

lary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekde-be çenli bilim we terbiýe; ýöriteleşdirilen bi-lim (defektologiýa)).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-lary (hünärler: matematika we informatika; hi-miýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebi-ýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we ede-biýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý di-li we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty).

2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň ne-tijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-syklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäs l eşiginiň ýeňij ileri, halkara bäs l eşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak-dakylary görkezýärl er we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Da laşgär bäs l eşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýda l anýandygy-ny tassykl aýan beýl eki resminamalary görkezip bi l er.

Nädogry berl en maglumatl ar we galp resmi iş kagyz l ary üçin da l aşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-9-10-y, 11-12-si we 13-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust aýy-nyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

hünär: matematika we informatika — mate-matika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, mate-matika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkme-nistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türk-menistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türk-men dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçyly-gy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe — türkmen di l i we edebi-ýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türk-men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türk-men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedago-gika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iň l is di l i, türkmen di l i we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esasla-ry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýar-lygyň tassykl anan möçbernamasyny ýerine ýetir-meli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: durmuş işi; ýöriteleş-dirilen bilim (defektologiýa) — biologiýa, türk-men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga äh l i okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synag larynyň tertibinde bel leni len wagtda synag l ara esassyz sebäp l ere görä ge l ip bilmedikl er ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan ge-çip bilmedikl er soňky synag lara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstün l ikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdeplerini tamamlan we mugal lymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;

— orta sport mekdebini tamam l an ýokary derej eli türgen ler (bedenterbiýe hünärine giri l en ha l atynda);

— 2020 — 2024-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryş l aryň ýeňiji l eri (bedenterbiýe hünärine giri-len halatynda);

— 2020 — 2024-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary-nyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen ha-latynda);

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7, tel.: 3-25-50, 3-04-18.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Guljahan 17 Jul, 2021
Salam. Dokument kabul edilshik dowri Gurbanlykdada ishleyarmika? 25- nji iyulam giryarmi shona?
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Mahriban 1-nji gezek eşdýän beýle zat, gerek däl.
Mahriban 15 Jul, 2021
Salam. Nikada durmadygyn hakda kepilnama gerek dp her kim alya yone yokarda yazylanlarda gorkezilmandir. Öň beyle zat yokdy sho kepilnama gerekmika ya gerekdalmika
Admin 14 Jul, 2021
@Ýyldyz Baýramova , @Аймырат Maglumat tapsam şu ýerde hökman goýarn.
Аймырат 14 Jul, 2021
Хер велаятдан наче саны талып алмалы? Саныны билип бераин.
Ýyldyz Baýramova 13 Jul, 2021
Näme üçin kabul edilmeli talyplaryn sanyny ýazmadyñyz?
Admin 12 Jul, 2021
@Jeren Dänew etrap hassahanasyndan geçmeli
Admin 12 Jul, 2021
@Baltayewa @Atajan ýokarda dokument nirä tabşylýany ýazylgy, Bäsleşiklerde alan diplom medallar kömek etyär
Muhammet 12 Jul, 2021
Ähli berlen maglumatlar üçin köp sag boluň bu ýylky girish synaglarynda ähliňize üstinlik arzuw edyarin.
Atajan 11 Jul, 2021
Dokument nire tapşyrmaly?
Kakamyrat 11 Jul, 2021
Dasoguz welayatynyn niresinde bolyarka
Baltayewa 11 Jul, 2021
Salam gowumysynyz?Dokument nira tabshyrmaly?Baslesiklerde alan diplom medallar komek etyami shu sapaga degisli bolsa aydayyn hayys!
Jeren 11 Jul, 2021
Danew etraby haysy lukmançylyk edarasyndan geçmeli?
aysenem 11 Jul, 2021
türkmenabat şäheri haýsy lukmançylyk merkezinden geçmeli?
Dowlet eresow 10 Jul, 2021
Haysy lukmancylyk edarasyndan gecmeli carjew etrap 1,2,3,4,5lerin haysysyndan
Materowa 08 Jul, 2021
Mekdebe cenli bilim we terbiye ugrundan okasan diplomda name diyip yazylyarka we onunam ugurlary barmyka meselem:inlis dili,ya rus dili
mekan 11 Apr, 2021
hytay dili hunari byunca diplomda nahili berilyaka? dine hytay dili we edebiýatymy ýa-da iňlis dilli katmak hukugynam goşýalamyka? Bilesim gelýani diplomda ýazyljak hunar hakynda/ Köp sagblun!