Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň beýleki ugurlary — matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Daşoguz şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№24 mekdep, Gagarin kiçi etrapça, telefon: 3-79-32
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№14 mekdep, Gorkut ata köçesi10, telefon: 4-43-57, 4-43-58
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№27 mekdep, Azatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, 1972–nji (Atatürk) köçe, 73, telefon: 48–62–89, 48-62-75.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebi (9-11-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäherindäki Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi (5-7-nji awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäherindäki Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi (27-29-njy iýul)
Mary welaýaty
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (31-nji iýul – 3-nji awgust)
Ahal welaýaty
Gämi obasyndaky 28-nji orta mekdebi (18-21-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (13-16-njy awgust)