Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär.
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — iňlis we ýapon dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa; biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
taýýarlygyň ugurlary: häzirkizaman tehnologiýalarynyň fizikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: amaly matematika we informatika; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; kartografiýa we geoinformatika; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyryş; innowasion menejment we halkara işewürligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy — fizika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№15 mekdep, Gurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№28 mekdep, Nowruz şäherçesi, 18/1-nji jaý, telefon: 2-66-92
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№29 mekdep, Bahar kiçi etrapçasy, telefon: 2-01-84, 2-27-62
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
Ýöriteleşdirilen welaýat mekdebi, Aşgabat şaýoly 62, telefon: 1-80-01, 1-80-02
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№1 mekdep, Keýmir kör köçesi, 1, telefon: 3-62-14
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener–tehnologiýalar uniwersiteti, Köşi köçesi, 100, telefon: 39-16-67.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebi (6-8-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 28-nji orta mekdebi (10-12-nji awgust)
Lebap welaýaty
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (14-16-njy awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 19-njy orta mekdebi (18-21-nji awgust)
Ahal welaýaty
Änew şäheriniň 1-nji orta mekdebi (27-30-njy iýul)
Aşgabat şäheri
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (1-4-nji awgust)