Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri; fransuz we iňlis dilleri; arap dili, türkmen dili we edebiýaty; pars dili, türkmen dili we edebiýaty; türk dili, türkmen dili we edebiýaty; hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty) — saýlap alan ugrunyň dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili; ispan we iňlis dilleri; italýan we iňlis dilleri; ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty; koreý dili, türkmen dili we edebiýaty; hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty) — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (rus dili) — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№15 mekdep, Gurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№25 mekdep, Görogly köçesi, jaý 1/3, telefon: 2-67-68
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№2 mekdep, 3-nji kiçi etrapçasy, telefon: 1-38-91
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№19 mekdep, Galkynyş köç, 67, telefon: 6-51-82, 6-51-83
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№27 mekdep, Azatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95
Aşgabat şäheri (80012)
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Aba Annaýew köçesi, 47, telefon: 34-67-17.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebi (27-29-njy iýul)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebi (31-nji iýul – 3-nji awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebi (20-22-nji awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebi (15-18-nji awgust)
Ahal welaýaty
Gämi obasyndaky 28-nji orta mekdebi (10-13-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (5-8-nji awgust)