Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Uniwersitetde okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
taýýarlygyň ugry: žurnalistika — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet ýa-da iňlis dillerinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar.
Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän dalaşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№15 mekdep, Gurbansoltan eje şaýoly, tel.: 7-91-86
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№7 mekdep, Oguzhan köçesi, 46-njy jaý, telefon: 7-40-78
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№15 mekdep, S.Nyýazow şaýoly, 129-njy jaý, telefon: 6-07-80
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№16 mekdep, Türkmenistan köçesi, 22, telefon: 7-20-28, 7-20-35
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№27 mekdep, Azatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95
Aşgabat şäheri (80012)
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 23-nji mekdebi (6-8-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebi (10-12-nji awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäheriniň 39-njy orta mekdebi (14-16-njy awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebi (18-21-nji awgust)
Ahal welaýaty
Änew şäheriniň 16-njy orta mekdebi (27-30-njy iýul)
Aşgabat şäheri
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (1-4-nji awgust)