S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).
  2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).
  3. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ösümlikleri goramak; miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi).
  2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).
  2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Balkan welaýaty— awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 18-19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

  • hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener mugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

  RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Türkmen oba hojalyk instituty, Ruhnama köçesi, 94,  telefon: 5-26-39

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mek­de­bi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesi1, telefon: 9-87-71, 9-89-56  

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№15 mekdep, Galkynyş köçesi1, telefon: 7-73-64, 7-73-65

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

1 mekdepKeýmir kör köçesi1, telefon: 3-62-14

Aşgabat şäheri (80012)

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 2009–njy (Görogly) köçe, 143, telefon: 34–27–46, 34–07–77, 34–25–64.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Balkan welaýaty

Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebi (9-11-nji awgust)

Daşoguz welaýaty

Türkmen oba hojalyk instituty (5-7-nji awgust)

Lebap welaýaty

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi (27-29-njy iýul)

Mary welaýaty

Mary şäheriniň 16-njy orta mekdebi (31-nji iýul – 3-nji awgust)

Ahal welaýaty 

Änew şäheriniň 27-nji orta mekdebi (18-21-nji awgust)

Aşgabat şäheri

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (13-16-njy awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Nury, mekdebi bakalawra tabşyryp bolýa, hünärmenede tabşyryp bolýa
Nury 15 Jul, 2021
(Ýene ýekeje sorag): Onda, mekdebi tamamlap, uniwersitete girjek bolýan dalaşgärlere hemme fakultetem bakalawr bolup gidýärdä?
Nury 15 Jul, 2021
Köp sag boluň, admin!Taňryýalkasyn
tawus 14 Jul, 2021
Iş bilen upjin etmek mumkinciligi barmy
Admin 14 Jul, 2021
@Nury magistri mekdebi tamamlap girip bolonok, mekdebi tamamlap diňe bakalawr girip bolýa, bakalawry tamamlaňsoň eger islegiň bar bolsa magistr ugra girip bilýäň, ýagny magistr tamamlasaň bakalawrdan uly derejede bolýa
Admin 14 Jul, 2021
@Enesh, @a91970052 Maglumat tapsak hökman goýýas.
a91970052 14 Jul, 2021
okuwa nace adymyn kabul edilyandigini goyayyn
Enesh 13 Jul, 2021
haysy ugura welayat shaher nace adam tawshyranynyn maglumadynam goyayyn kyn gormeseniz
Nury 13 Jul, 2021
Salam, admin. Bakalawr bilen magistriň nähili tapawudy bar?Ikisine-de düşündiriş beräýseňiz?
Admin 12 Jul, 2021
@aaa dokument tabşyrylanda eliňe list berilýä, şonda gelmeli wagty, soňam haýsy mekdepde egzamen tabşyrylýandygy ýazylýar.
Admin 12 Jul, 2021
@Mahri hemmesi tölegli däl, býutjet esasynda diýip ýazylgy hünärler stipendiýaly
Mahri 11 Jul, 2021
Hemmesi toleglimi
Enejan 11 Jul, 2021
Resmi kagyzlary Mary welayatynyn haysy mekdebinde tabsyrylyar
aaa 11 Jul, 2021
egzaminleri haýsy mekdepde tabşyrmaly
aaa 11 Jul, 2021
kop kop sagboluň admin
Aknur 10 Jul, 2021
salam bakalawr näme bolýa
Admin 10 Jul, 2021
@aaa býujet esasynda diýmek stipendiýaly diýmek bolýar.
aaa 10 Jul, 2021
býujet esasynda diýmek nähili bolýar aýdaýyňda
Nury 10 Jul, 2021
Köp sag boluň!