Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; taýýarlygyň ugurlary: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;
hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary; taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
hünär: halkara žurnalistikasy; taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25; tel.: 22-68-50.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№22 mekdep, G.Annaýew köçesi, 205 B kwartal, telefon: 7-09-96
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
№7 mekdep, Oguzhan köçesi, 46-njy jaý, telefon: 7-40-78
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
№27 mekdep, Türkmenabat şäh, 3-nji kwartal kiçi etrapçasy telefon: 2-53-40;
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№3 mekdep, Bagtyýarlyk köçesi, 42, telefon:., 7-03-51
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№16 mekdep, Azatlyk köçesi, 15, telefon: 3-44-08
Aşgabat şäheri (80012)
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Galkynyş köçesi, 25, telefon: 22-68-50.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI
Balkan welaýaty
Balkanabat şäheriniň 16-njy orta mekdebi (15-17-nji awgust)
Daşoguz welaýaty
Daşoguz şäheriniň 28-nji orta mekdebi (19-21-nji awgust)
Lebap welaýaty
Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebi (1-3-nji awgust)
Mary welaýaty
Mary şäheriniň 16-njy orta mekdebi (27-30-njy iýul)
Ahal welaýaty
Änew şäheriniň 16-njy orta mekdebi (5-8-nji awgust)
Aşgabat şäheri
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (10-13-nji awgust)