Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti  (Magistratura)

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: nebitgaz işi).

2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synagy we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 7 — 20-nji awgusty aralygynda bellenilen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synagy:

taýýarlygyň “Nebitgaz işi” ugry boýunça amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda;

taýýarlygyň “Uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy” ugry boýunça himiýa tehnologiýalary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synagynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

 

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.