Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty  (Magistratura)

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlisdili); psihologiýa pedagogika bilimi).

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta ýokary bilimden pesbolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbet deşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly araly gynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýo kary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşul ýar);

Türkmenistanyň Saglygy gpraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

3×4 sm öl çegdäki sekiz sany foto surat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bular dan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görke zilen resminamalar bilen birlikde, resmi namalary kabul edýän iş toparyna aşak da ky lary görkez ýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

pasportyny; harby şahadat namasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçi lik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji awgusty aralygynda geçirilýär.

Söhbetdeşlik: taýýarlygyň «Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili)» ugry boýunça iňlis dili dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis dilinde; taýýarlygyň «Psihologiýa pedagogika bilimi» ugry boýun çahäzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuwmak satnama- syesasyn da türkmendilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz  sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň   netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek  üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döw ri bolanlar peýdalan ýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmenmilli dünýä dilleri institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Aba Anna ýew köçesi, 47, tel.: 346717.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 18 Jul, 2023
@ Aylar Caryyeva Okuwy gutaranyndaky berenleri bolyar
Aylar Caryyeva 18 Jul, 2023
Salam hasiyetnama okuwdan taze almalymyka ya okuw gutaranda berenleri bolyamy
Admin 17 Jul, 2021
@Gurbannazar 2 ýyl
Gurbannazar 17 Jul, 2021
Okuw mohleti nace yyl