11 Informatika Soragnama

Awtor: -
Neşirýat:
Bölüm:
Sahypa: 5 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,34 MB
Tags: Mekdep

Döwlet umumy bilim edaralarynda 2022-2023-nji okuw ýylynda  Informatika dersinden jemleýji döwlet synagyny geçirmek  üçin soragnamalar

 

1-nji soragnama

1.     Web-sahypalary döretmekde ofis programmalaryny ulanmak.

2.     Matematiki modelleri derňemek.

3.     Amaly ýumuş: «Web saýt» bukjasyny döretmeli we onda MS Word
programmasyny ulanyp, Web-sahypanyň üstünde işlemeli.

2-nji soragnama

1.     HTML dokumentiň gipertekst belgilemeleriniň esaslary. HTML dokumentiniň gurluşy.

2.     Fiziki modelleri derňemek.

3.     Amaly ýumuş: «Meniň mekdebim» ady bilen HTML dokumentini döretmeli.

3-nji soragnama

1.     HTML tegleriniň görnüşleri.

2.     Ykdysady modelleşdirmek.

3.     Amaly ýumuş: Öz ilkinji sahypaňyza tekst ýazyň

4-nji soragnama

      1. HTML dokumentiniň gurluşy.

      2. Biologiki modelleşdirmek.

      3. Amaly ýumuş: «Meniň mekdebim» atly Web-sahypasynyň fonuna gülgüne reňkini

          goýmaly.

5-nji soragnama

       1. Internet üçin şekilleri taýýarlamak.Web-sahypalarda suraty goýmak.

       2. Maglumatlar ulgamy barada düşünje.

       3. Amaly ýumuş: Web-sahypada tekstler bilen işlemek.

 

6-njy soragnama

1.     Sanawlar. Sanawlaryň görnüşleri

2.     Maglumatlar bazasynyň dolandyryş ulgamy (MBDS).

3.     Amaly ýumuş: Web-sahypaňyzyň sözbaşysynyň aşagyndan ýogyn gyzyl

çyzygy geçirmeli.

7-nji soragnama

          1. HTML dokumentiniň fon reňkini we şekilini bermek.

          2. MS Access MBDS-niň interfeýsiniň esasy elementleri.

          3. Amaly ýumuş: Web_saýt bukjasynda Web-sahypanyň içki nokadyna

              salgylanmalary girizmeli.

 

8-nji soragnama

1.Tekst bilen işlemek.

2. Maglumatlar bazasynyň tablisalaryny döretmek.

3. Amaly ýumuş: Ýönekeý sanawyň ýazylyşynyň programmasy.

9-njy soragnama

1. Web-sahypalary bezemegiň elementleri.

2. Maglumatlary girizmek we redaktirlemek.

3. Amaly ýumuş: Paýtagt.htm faýlynda tekstleri dürli görnüşde şekillendirmeli.

 

10-njy soragnama

1. Tegler we gipersalgylanmalar.

2. Maglumatlary saýlamaga degişli talaplary düzmek.

3.Amaly ýumuş: Setiri ekrana çykarmaga mümkinçilik berýän programmany ýazmaly.

 

11-nji soragnama

1. HTML dokumentlerde ses.

2. Maglumatlary tertipleşdirmek.

3. Amaly ýumuş: tablisa.txt tekst faýlynda şeýle maglumatlar berlen: xn=-5, xk=5, dx=0.5. Bu bahalary x üýtgeýäniň üýtgeme aralyklary hem-de üýtgeme ädimleri arkaly çözmeli.

 

12-nji soragnama

1. Sahypanyň özündäki maglumatlara salgylanma.

2. Forma döretmek

3. Amaly ýumuş: Sanlar.txt’ tekst faýlynda aralary boşluk bilen bölünen hakyky sanlar berlipdir ol sanlaryň kiçisini we ulysyny tapmaňa degişli programmany ýazmaly.

13-nji soragnama

1.           Görüş arkaly (wizual). Web-konstruirlemegiň redaktory, interfeýsiniň elementleri.

2.           Hasabatlary döretmek

3. Amaly ýumuş: Web-saýtlary işläp taýýarlamak.

 

14-nji soragnama

1. Dürli dersler boýunça saýt parçalaryny işläp taýýarlamak.

2. Informasiýa sistemalary we tehnologiýalary barada düşünje.

3. Amaly ýumuş: Mekdep dersleriniň temalary boýunça saýtlary döretmeli.

 

15 -nji soragnama

1. Fiziki we logiki faýllar.

2. Häzirki zaman internet-tehnologiýalarynyň  ösüş ugurlary.

3.Amaly ýumuş: Faýlyň adynyň ýazylyş usulyna degişli programma düzmeli.

 

16-njy soragnama

1. Programmalaşdyrma dilinde faýl düşünjesi. Faýllar bilen işlemek.

2. Informasiýa jemgyýeti. Programmalaryň we maglumatlaryň hukuk goragy.

3. Amaly ýumuş: Setiri ekrana çykarmaga mümkinçilik berýän programmany ýazmaly.

17-nji soragnama

1. Faýllaryň üýtgeýän ululyklarda beýan edilişi..

2. Informasion medeniýetlilik.

3. Amaly ýumuş: Input.txt tekst faýlynda aralary boşluk bilen bölünen iki sany bitin san berlipdir. Ol sanlaryň jemini hasaplaýan programmany ýazmaly.

 

18-nji soragnama

1. Faýl üýtgeýän ululygy bilen diskdäki faýly bellemek.

2. Informasiýalary goramak. Informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösüşi.  

3. Amaly ýumuş: MBDS MS Access programmasynda bar bolan taýýar maglumat
bazasyny açyp, onuň penjirelerini we obýektlerini kesgitlemeli.

 

19-njy soragnama

             1. Faýly okamak ýa-da ýazmak. Faýly ýapmak.

             2. Maglumat howpsuzlygynyň hukuk derejesi.

3.Amaly ýumuş: «Kitaphana katalogy» MB dörediň. Meýdançalaryny: «tertip belgisi», «inwentar belgisi», «awtory», «ady», «Çap edilen ýyly», «bellik» (okyjy tarapyndan alnandygy ýa-da kitaphanada durandygy barada bellikler) ýaly atlandyryň.

 

20-nji soragnama

1. Kompýuterde modelleri taýýarlamagyň we derňemegiň esasy tapgyrlary.

2. Iki tablisany baglanyşdyrmak .

3.Amaly ýumuş: MBDS MS Access programmasynda bar bolan taýýar tablisalary
baş açar boýunça baglanyşdyryň.

 

21-nji soragnama

 1. Web - konstruirlemegiň esaslary.

2. Faýllaryň üýtgeýän ululyklarda beýan edilişi.

3. Amaly ýumuş: suratlary redaktirlemek. Döredilen «Mekdep» MB süzgüjiň we talabyň kömegi bilen dürli gözlegleri geçiriň.

 

22-nji soragnama

1. Web-saýty MS Word programmasynda döretmek.

2. Faýllar bilen işlemeklige degişli dürli mysallar.

3. Amaly ýumuş: Taýýar maglumat bazasynda tertipleşdirme geçiriň.

 

23-nji soragnama

1. Web-sahypalarda çeperçilik çyzyklaryny geçirmek.

2. Tor maglumat bazalary.

3. Amaly ýumuş: MBDS MS Access programmasynda bar bolan taýýar tablisalaryň esasynda forma döretmeli.

 

24-nji soragnama

1. HTML dokumentiň gurluşy.

2. Ulgamyň modelini algoritmleşdirmek we ony kompýuterde amala aşyrmak.

3. Amaly ýumuş: Kitaphana katalogy MB  üçin forma dörediň.

 

25-nji soragnama

1.   HTML dokumente fon şekilini goýmak.

2.   Tabynlykly maglumatlar bazasy.

3.   Amaly ýumuş: Taýýar maglumatlar bazasynyň hasabatyny dörediň.

 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 26 Apr, 2020
Ekzamen taýýar jogaplary almak üçin:
+99363 84 29 79 -IMO-dan ýazyň