11 Türkmen dili we edebiýat Düzme

11 Türkmen dili we edebiýat Düzme

Awtor: -
Neşirýat:
Bölüm:
Sahypa: 2 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,32 MB
Tags: Mekdep

Döwlet umumybilim edaralarynda ene dili we edebiýatdan jemleýji döwlet synagy üçin hödürlenilýän düzme temalary:

 

I. Erkin temalar

1.    Watana söýgi – halka söýgi.

2.    Biz Arkadagly Serdarymyz bilen bagtly.

3.    Garaşsyz Watanym diller senasy.

4.    Watan iň beýik mukaddeslikdir.

5.    Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy.

6.    Bilim hazynasy – baky hazyna.

7.    Dost – dostuň aýnasy.

8.    Arkadag şäheri — milli binagärligiň ajaýyp nusgasy.

9.    Mermer şäher – Aşgabat.

10.      Belentde pasyrda, ýaşyl Baýdagym!

11.      Magtymguly – Watan söýgüsiniň gaýmagydyr.

12.      Enä tagzym – mukaddeslige tagzym.

13.      Tebigatym –  genji-känim.

14.      Sport – sagdynlygyň özeni.

15.      Döwletlilik – agzybirlik.

16.      Bedew at menzil keser.

17.      Maşgala mukaddesligi.

18.      “Okadym” diýme, “bildim” diý.

19.      ХХI asyr – tehnologiýalaryň asyry.

20.      Magtymguly Pyragy jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr.

21.      Mert söweşde belli, dana – geňeşde.

22.      Ene dilim –  döwlet dilim.

23.      Haly – milli guwanjym.

24.      Milli mirasym – genji-känim.

25.      Meniň söýgüli şahyrym.

 

II. Türkmen we daşary ýurt edebiýaty boýunça temalar

26.      Şahyrana türkmen halk döredijiliginde watançylyk temasy.

27.      Dessanlarda yşky temanyň çeper beýany.

28.      “Oguznama” eseriniň häzirki zaman ähmiýeti.

29.      “Görogly” – türkmen halkynyň milli gahrymany.

30.      Türkmen halk döredijiliginde milli däp-dessurlaryň orny.

31.      “Şasenem – Garyp” dessanynda baş gahrymanlaryň edebi keşbi.

32.      Ýunus Emräniň ömri we döredijiligi.

33.      “Nejep oglan” dessanynda aýdym-saz sungatyna sarpa.

34.      Halk döredijiliginde ynsanperwerligiň beýany.

35.      Garajaoglanyň goşgulary – watansöýüjiligiň nusgasy.

36.      Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” eseriniň öwüt-nesihat esasy.

37.      Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly we öwüt-nesihat goşgulary.

38.      Magtymguly Pyragynyň mertlik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary.

39.      Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirlik temasy.

40.      Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ahlaklylygyň waspy.

41.      Abdylla Şabendäniň «Gül – Bilbil» dessanynda Gülüň çeper keşbi.

42.      Şeýdaýynyň durmuşy we ahlaky goşgularynyň çeperçiligi.

43.      Mahmyt Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasy” eseriniň mazmuny we aýratynlygy.

44.      Nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde watançylyk temasynyň çeper beýany.

45.      Gurbanaly Magrupynyň “Ýusup-Ahmet” dessanynyň durmuşy esaslary.

46.      XIX asyr türkmen edebiýatynda watançylyk we gahrymançylyk temasy. 

47.      Mämmetweli Keminäniň durmuşy goşgularynyň çeperçiligi.

48.      Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda watançylygyň waspy.

49.      Gurbandurdy Zeliliniň lirikasynyň aýratynlygy.

50.      Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynda Tahyryň keşbi.

51.      Annagylyç Mätäji – watançy şahyr, ýigitleri mertlige, batyrlyga ruhlandyryjy.

52.      Annagylyç Mätäjiniň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti.

53.      Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň terbiýeçilik ähmiýeti.

54.      Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynyň baş gahrymanlary.

55.      Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romanynyň temasy we öňe sürýän ideýasy.

56.      Aman Kekilowyň “Söýgi” romanynyň gahrymanlar ulgamy.

57.      Beki Seýtäkowyň “Doganlar” romanynda durmuşyň çeper beýany.

58.      Gara Seýitliýewiň goşgularynda ahlak temasy.

59.      Gurbannazar Ezizow – türkmen şygryýetiniň görnükli ussady.

60.      Aleksandr Sergeýewiç Puşkin – poeziýa äleminiň geniýsi.

61.      Mihail Aleksandrowiç Şolohowyň döredijiliginde mertlik, watançylyk, ynsanperwerlik.

 

III. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça temalar

 

62.      Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” romanynyň terbiýeçilik ähmiýeti.

63.      Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” romanynda mugallymyň keşbi.

64.      Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romanynda oba durmuşynyň çeper beýany.

65.      Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda türkmen milli däp-dessurlary baradaky garaýyşlar.

66.      Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow – söz sungatynyň ussady.

67.      Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi.

68.      Garaşsyzlyk eýýamynyň şygryýetinde milli äheňler.

69.      Garaşsyzlyk eýýamynyň kyssa eserlerinde täzeçillik.

70.      Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasynda ýetilen derejeler.

71.      Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatynyň terbiýeçilik ähmiýeti. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 26 Apr, 2020
Для получения экзаменационных билетов и готовых ответов:
+99363 84 29 79 -Пишите через IMO