Awtor: | - |
Neşirýat: | |
Bölüm: | Soragnama |
Sahypa: | 3 sahypa |
Formaty: | |
Göwrümi: | 0,37 MB |
Çeşme: | Milli Bilim Instituty |
Tags: | Mekdep |
Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň
XI synplarynda 2023-2024-nji okuw ýylynda
synpdan-synpa geçiriş synagy üçin Informatika dersinden
soragnamalar
1-nji soragnama
1. Elektron tablisa barada düşünje.
2. Kompýuteriň gurluşynyň logiki esaslary.
3. Amaly ýumuş: Excel elektron tablisada sahypa dörediň, atlaryny üýtgediň we olary ýok ediň.
2-nji soragnama
1. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.
2. Simwol ululyklar.
3. Amaly ýumuş: Kompýuteriňizdäki MS Excel elektron tablisada näçe setir we sütün bardygyny anyklaň.
3-nji soragnama
1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.
2. Simwol ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda dürli öýjükler saýlananda giriziş setirindäki maglumatlaryň üýtgeýşini beýan ediň.
4-nji soragnama
1. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.
2. Setir ululyklar.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda setiri we sütüni aýratynlykda belläň.
5-nji soragnama
1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.
2. Setir ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda ýazgylaryň nämäni aňladýandygyny düşündiriň: a) G31:J31; b) B3:I111.
6-njy soragnama
1. Öýjükleriň düzümini nusgalamak we olaryň orunlaryny üýtgetmek.
2. Informasion model barada düşünje.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda tablisanyň parçalarynda işjeň öýjükleriň salgylaryny kesgitläň.
7-nji soragnama
1. Tablisalary formatlaşdyrmak.
2. Informasion modelleri ulanmak bilen informasiýalary düzümleşdirmek.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda A1 we B1 öýjüklere sanlary we hasaplamak üçin A3 hem-de B3 öýjüge formulalary giriziň.
8-nji soragnama
1. Tablisada setirler we sütünler bilen işlemek.
2. Modelleşdirme.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda setirlerden we sütünlerden ybarat tablisany dörediň, olaryň üstünde nusgalama-goýma we kesme-goýma amallaryny dürli (formulalar, hasaplanan bahalar, formatlar we bellikler boýunça) usullarda ýerine ýetiriň.
9-njy soragnama
1. Otnositel we absolýut salgylanmalar.
2. Modelleşdirmegiň tapgyrlary.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda san aňlatmasynyň bahasyny hasaplamaly.
10-njy soragnama
1. Stadandart funksiýalaryň ulanylyşy.
2. Meseläniň formal däl we formal goýluşy.
3. Amaly ýumuş: Elektron tablisada absolýut salgylanmany ulanyp Pifagoryň tablisasyny düzmeli.
11-nji soragnama
1. Berlenleri tertipleşdirmek.
2. Formallaşdyrmagyň esasy kadalary.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda -iň bahasyny hasaplamaly.
12-nji soragnama
1. Diagrammalary gurmak.
2. Elektron kommunikasiýalaryň dürli görnüşliligi.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda gaty jisimleriň dykyzlygy atly tablisany dykyzlyklaryň artýan we kemelýän görnüşinde tertipleşdirmeli.
13-nji soragnama
1. Tablisany çapa taýýarlamak.
2. Internet torunda arabaglanyşyk.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda welaýatlaryň meýdanlaryny aňladýan tegelek diagrammany gurmaly.
14-nji soragnama
1. Pikir ýöretmäniň görnüşleri.
2. Forumlar, çatlar, bloglar, internet-peýjerler.
3. Amaly ýumuş: y=x2 funksiýanyň grafigini argumentiň [-6;+6] aralykdaky bahalary üçin şekillendirmeli.
15-nji soragnama
1. Pikir aýtmanyň algebrasy.
2. Sosial torlar.
3. Amaly ýumuş: Baş latyn harplarynyň kodlarynyň jemini tapmak üçin programma ýazyň.
16-nji soragnama
1. Logiki aňlatmalar we çynlyk tablisalary .
2. Arhiwleýji programmalar.
3. Amaly ýumuş: MS Excel programmasynda ýazgylaryň nämäni aňladýandygyny düşündiriň: a) H5:H25; b) G31:J31.
17-nji soragnama
1. Logiki funksiýalar.
2. Kiber hüjümlerden faýl sistemasyny goramak.
3. Amaly ýumuş: Chr standart funksiýa Ord funksiýa tersine – simwolyň kody boýunça simwolyň özüni kesgitleýän programmany ýazmak.
18-nji soragnama
1. Logiki kanunlar we logiki aňlatmalary özgertmegiň düzgünleri.
2. Sifr gurluşlary.
3. Amaly ýumuş: ASCII simwollary kodlaryň artýan tertibinde ekrana çykarýan programmany düzmeli.
19-njy soragnama
1. Logiki meseleleri çözmek.
2. Sifr gurluşlary kompýuter bilen bilelikde ulanmak.
3. Amaly ýumuş: Berlen setirdäki baş harplaryň, setir harplaryň, sifrleriň hem-de beýleki simwollaryň sanyny aýratynlykda kesgitlemek üçin programma ýazmaly.
20-nji soragnama
1. Pikir ýöretmäniň görnüşleri.
2. Kiber hüjümlerden faýl sistemasyny goramak.
3. Amaly ýumuş: Baş latyn harplaryny elipbiý tertibinde ekrana çykarmaly.
21-nji soragnama
1. Elektron tablisa barada düşünje.
2. Kompýuteriň gurluşynyň logiki esaslary.
3. Amaly ýumuş: N bitin san berlen (1 ≤ N ≤ 26). Latyn elipbiýiniň ilkinji N baş harplaryny çapa çykarmaly.
22-nji soragnama
1. Tablisa prosessory we onuň funksiýalary.
2. Simwol ululyklar.
3. Amaly ýumuş: Berlen setirdäki baş hem-de setir harplaryň sanyny aýratynlykda kesgitlemek üçin programma ýazmaly.
23-nji soragnama
1. Tablisanyň düzümi: öýjükler, sütünler, setirler.
2. Simwol ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: Klawiaturadan girizilen simwoly we onuň koduny ekrana çykarýan programma ýazmaly.
24-nji soragnama
1. Elektron tablisada berlenleriň görnüşleri.
2. Setir ululyklar.
3. Amaly ýumuş: Berlen setiri tersine öwrüp ekrana çykarýan programma ýazmaly
25-nji soragnama
1. Berlenleri (san, tekst, formula) girizmek we redaktirlemek.
2. Setir ululyklaryň üstünde geçirilýän amallar.
3. Amaly ýumuş: Berlen setirdäki simwollaryň kodlarynyň jemini tapmagyň programmasyny ýazmaly.