Halkara gatnaşyklary instituty (Magistratura)

Halkara gatnaşyklary instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).

2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: hal kara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Okuwlar tölegli esasda, türkmen dilinde alnyp barylýar.

Instituta taýýarlygyň:

— «Sanly diplomatiýa»; «Seljeriş we strategiki meýilleşdiriş» ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;

— «Gündogary öwreniş» ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, Gündogar dille ri we ede biýaty çygrynda;

— «Halkara hususy hukugy»; «Halkara jemagat hukugy»; «Halkara arbitraž we işewürlik hukugy» ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygrynda;

— «Halkara ykdysadyýet» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda;

— «Syýasy kommunikasiýa we internet  žurnalistikasy» ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalisti kasy, internet  žurnalistikasy çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenisanyň raýat lary giriş synag larynyň  ne tije le ri boýunça bäsleşik  esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şähereri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

 — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anke ta);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwle tinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türk menistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenis tanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan belle ni len nusgada ky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýe rinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz  sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, oku wa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görke zilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusga laryny tabşyrýarlar:

— paspor tyny;

— harby şahadat namasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden gü wähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çek ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň  7 — 9-njy awgusty aralygynda geçirilýär. Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döw let dilinde geçirilýär: taýýarlygyň ugurlary:

sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş

 — halkara gatnaşyklaryň nazar yýeti, iňlis dili; taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy

— Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasla ry, iňlis dili; taýýarlygyň ugry: hal kara ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, iňlis di li;  taýýarlygyň ugry:  syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — žurnalistikanyň na zaryýetiniň esasla ry, iňlis dili.

Belle nilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçi lik berilmeýär. Giriş synaglarnyň ne ti jele ri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça  2 ýyl dan az bolmadyk iş döw ri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:

Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 226850.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.