Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

SAÇLY DURSUNOWA ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER LUKMANÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 

2024/2025-nji okuw ýy ly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Býujet esasynda:

   1. Şepagatçylyk işi.

   2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.

   3. Fizioterapiýa we dikeldiş işi.

   4. Saglygy goraýyş ­öňüni alyş işi.

   5. Farmasiýa.

   6. Bejeriş işi. 

. Resmi iş kagyzlary Arkadag şäherinde (Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-4-i we 6-sy günlerinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde (Arkadag şäheri) geçirilýär. 

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 22, tel.: 36-96-73, 36-93-82.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.